- iş
- [i:ş]1) Energiýanyň bir görnüşiniň başga bir görnüşe geçmeklik prosesi, hereketde bolmaklyk.2) Edilýän, çekilýän zähmet.∙ Iş Sapargüli ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Onuň bu eden işşini Mergen Aga halamady. («Bahar»)∙ Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar. (Nakyl)3) Aýlygyň çeşmesi hökmünde haýsy-da bolsa bir guramada edilýän gulluk, kär.4) Zähmet netijesinde döredilen eser we ş. m.∙ Onuň ylmy işi çap edildi.5) Zähmet çekilip ýerine getirilýän zat.∙ Ol edip oturan işini taşlap, daşaryk çykdy.◊ gara iş — Fiziki güýç goýlup edilýän iş.◊ iş görkezmek1) Işi üstünlikli ýerine ýetirmek, oňat iş etmek;.2) Dert bolmak, azar bolmak, hupbat ýamanyny bermek.◊ iş işden geçmek — Boljak iş bolup geçmek, gaýtaryp bolmaz derejede aňry gitmek.∙ Iş işden geçensoň, onuň ugrunda ylganyň haýry ýok.◊ iş kesmek — Sud edip jeza bermek, ýyl kesmek.◊ iş salyşmak — Biri bilen işde aragatnaşyk etmek.◊ iş ukybyny ýitirmek — Iş başarjaňlygyňy gidermek, gurpdan gaçmak, maýyp-müjrüp bolup işden galmak; garramak.◊ iş üstünde — Iş başynda, iş wagty, işde.◊ işden çykyşmak — Köp wagt işlemän, soň işe girişeniňde oňat işläp bilmek ukybyňy ýitirmek.◊ işden el sowamak — Edýän işiňe sowuk-sala garamak, üns bermezlik..◊ işe bişişmek — Işiň tärini ele almak, işe endik etmek, işe oňat berdiş etmek.∙ Mehinli doga ýetim bolup, daýysynyň elinde ösüpdi, ýumruk ýalylygyndan işde bişişipdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ işi gaýtmak — Heläkçilige duçar bolmak, eden işi başa barmazlyk, masgara bolmak, erbet ýagdaýa düşmek.∙ Kim uruş isleýän bolsa, onuň işi gaýdandyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)◊ işi kör etmek — Işi gutarman goýmak, taşlamak.◊ işini görmek — Bagtyny ýatyrmak, betbagtçylykly, erbet ýagdaýa salmak.∙ Atam-enem meniň işim görýärler, Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler. (B. Kerbabaýew, Poemalar)◊ işiň ileri — Tutan, başlan işiň şowly bolsun!◊ işiň pyrryk bolmak — Işiň paşmazlygy, erbet bozulmasy.◊ kontrol iş — Mekdeplerde geçirilýän ýazuw işi.◊ öý işi1) Öý hojalygyna degişli bolan işler;.2) Ýerine ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça berilýän ýumuş.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.